Braziliýaly sýorfingçi Olimpiýa rekordyny goýdy we iň täsirli suratyň gahrymany boldy

  • 30.07.2024 21:37
  • 7k+

Braziliýaly sýorfingçi Gabriel Medina 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň arasynda geçirilen sýorfing ýaryşynda täze Olimpiýa rekordyny goýdy. Türgen diňe bir tolkunlaryň däl, eýsem sosial ulgamlaryň-da gahrymany boldy diýip, The Athletic habar berýär.

Bu Olimpiýa dissiplinasy boýunça ýaryşyň tapawutly aýratynlygy onuň Parižden 15 müň kilometr uzaklykdaky Taitide geçirilýänligidir. Taiti Fransiýanyň deňiz aňyrsyndaky sebitleriniň biridir.
Medina ýeke tolkun üçin 10 baldan 9,90 bal gazandy, bu öň hiç kime başartmandy. Bu üstünlik braziliýaly türgene ýaryşlaryň dörtden bir finalyna çykmaga mümkinçilik berdi.
AFP fotografy Žerom Bruýe Medinanyň rekordyny baýram edişini surata düşürip, özboluşly pursaty tutmaga ýetişdi. Suratda Medina we onuň sýorfing tagtasy suwuň üstünde howada gaýýar, türgen bolsa sag eliniň süýem barmagyny ýokary görkezýär. Bruýe bu suraty beýleki fotograflar bilen gaýykda wagty düşürdi.
Surat sosial ulgamlarda derrew ýaýrady we eýýäm Olimpiada-2024-üň iň esasy suratlarynyň biri hökmünde ykrar edildi.
Belläp geçsek, sýorfing ýaryşy ilkinji gezek Tokiodaky Olimpiada-2020-de geçirildi.


düýn 21:03
1.3k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......