Astronawtlar kosmosda öz “Olimpiýa oýunlaryny” geçirdiler

  • 30.07.2024 21:30
  • 3.8k+

Parižde Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagynyň şanyna NASA-nyň astronawtlary Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) kiçi ýaryş geçirdiler.

Agentlik ekipažyň agzalarynyň ýasama Olimpiýa alawyny (HKS-de ot ýakmak düýbünden gadagan) biri-birine geçirişini we agramsyzlyk şertlerine laýyk gelýän adaty bolmadyk sport ýaryşlarynda bäsleşişlerini görkezýän wideony çap etdi.

“2024-nji ýylyň Oýunlary 26-njy iýulda Parižde resmi taýdan başlandy, ýaryşlara gatnaşmak üçin dünýäniň çar künjeginden türgenler geldiler. Şol bir wagtyň özünde  Ýeriň ýokarsynda, Halkara kosmos stansiýasyndaky orbital barlaghanamyzda astronawtlar Olimpiýadanyň ruhuny kabul edýärler "- diýip, NASA-nyň habarynda aýdylýar.

Wideoda bir kosmonawt elde ýasalan diski zyňýar, beýlekisi kanal lentasyndan ýasalan topy itýär, beýlekileri stansiýanyň koridorynda ylgaw edýär ýa-da gimnastika bilen meşgullanýar. Astronawtlaryň biri ştanga göterýär, şonda ekipažyň agzalary ştanganyň ýüküniň deregini tutýar.
Wideonyň degişme häsiýetine garamazdan, ol 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň hemmesine tüýs ýürekden üstünlik arzuw etmek bilen tamamlanýar.
HKS-yň häzirki wagtda dokuz adamdan ybarat ekipažy bar. Şol sanda Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko hem şolaryň içinde. Emma ol wideoda ýok.
Kosmonawtlaryň köpüsi stansiýada, adatça, alty aý işleýärler. 6-njy iýunda täze kapsulanyň bortunda bir hepdelik HKS-a gelen Sunita Uilýams we Butç Uilmor kadadan çykma. Olaryň orbitada bolmagy hereketlendirijiniň näsazlygy we geliniň syzmagy sebäpli uzaldyldy.
HKS-yň indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri üznüksiz orbitada bolýandygyny ýatladýarys. Onuň hyzmat ediş möhleti birnäçe gezek uzaldyldy we häzirki wagtda 2030-njy ýyla çenli uzaltmak meýilleşdirildi.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....