Türkmen mekdep okuwçylary Halkara matematika olimpiadasynda 4 medal gazandylar

  • 30.07.2024 15:21
  • 3.8k+

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Bat şäherinde geçirilen 65-nji halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Halkara matematika olimpiadasyna dünýäniň 109 döwletinden, şol sanda Türkmenistandan zehinli mekdep okuwçylarynyň 609-sy gatnaşdy. Olimpiadada ýurdumyza okuwçylaryň 6-sy wekilçilik etdi. Olar dünýäniň beýleki ýurtlaryndan gelen deň-duşlary bilen bäsleşigiň ýokary halkara talaplara laýyk gelýän şertlerini ýerine ýetirmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny görkezip, oňat netijeleri gazandylar.
Şeýlelikde, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy M.Meýlismyradow we Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy S.Koçkarow kümüş medala, paýtagtymyzdaky iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy H.Allaberdiýew hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy S.Halykow bürünç medala mynasyp boldular.
Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy A.Ahmetow we Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy M.Babageldiýew höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanyldy.


23.06.2026 18:58
2.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......