Olimpiada-2024: 3-nji ýaryş gününiň jemi boýunça medal hasabaty

  • 30.07.2024 14:28
  • 5.1k+

Parižde 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň üçünji ýaryş güni tamamlandy.

29-njy iýulda pnewmatik ýaragdan atmak, at sporty, suwa bökmek, mauntinbaýk, dzýudo, ýaý atmak, skeýtbording, kürekli slalom, sport gimnastikasy, ýüzmek we gylyçlaşma ýaly sportuň 11 görnüşinde 17 medal toplumy paýlandy.
Ýaryşlaryň netijesi boýunça Ýaponiýanyň milli ýygyndysy medal sanawynda öňdebaryjylygyny berkitdi, onuň hasabynda 12 medal (alty altyn, iki kümüş we dört bürünç) bar. Aýratynam, Ýaponiýanyň erkekler ýygyndysynyň gimnastlaryň arasynda geçirilen toparlaýyn köp görnüşli ýaryşda gazanan ýeňşi täsir galdyryjy boldy.
Fransiýa dördünji orundan ikinji orna çykdy (5+8+3). Duşenbe güni Oýunlaryň ýer eýeleri gylyçlaşmada we kürekli slalomda ýeňiş gazandylar.
Iň gowularyň üçlügini Hytaýyň topary jemledi (5+5+2). Şol bir wagtyň özünde, iň köp medaly ABŞ-nyň türgenleri gazandy, olaryň hasabynda jemi 20 medal bar (3+8+9).


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
2k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....