ABŞ-da ilkinji gezek adama ýürek implanty oturdyldy

  • 29.07.2024 21:38
  • 6.3k+

BiVACOR kompaniýasy dünýäde ilkinji gezek doly mehaniki ýürek implantyny adama üstünlikli oturtdy. Bu synag ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleriniň dolandyryş gullugynyň gözegçiligi astynda geçirildi diýip, Hi-Tech Mail.ru ýazýar.

“Biwentrikulýar rotor gan nasosy” diýlip atlandyrylan enjam ýeke-täk hereket ediji bölegi (magnitli rotor) bolan titan mehanizmidir. Rotor şowsuz organyň iki tarapyny hem çalşyp, gan aýlanyşygy üpjün edýär.
Täze tehnologiýanyň esasy aýratynlygy - onuň mehanizminde sürtülmäniň bolmazlygydyr, bu bolsa enjamyň hyzmat möhletini ep-esli uzaldýar we ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar. Ýumruk ululygyndaky mehaniki ýürek kiçijik daşarky gözegçilik ediji bilen işleýär we minutda 12 litre çenli gan aýlap bilýär.
Mehaniki ýüregiň, hakyky organ göçürilýänçä hassany wagtlaýyn diri saklamak üçin niýetlenendigini belläp geçmelidiris.
BiVACOR kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş tehniki müdiri Deniel Timms: “Bu üstünlik ilkinji hassamyzyň we maşgalasynyň edermenligi, ösüş toparynyň yhlasy we Tehas ýürek institutynyň hünärmenleriniň kömegi bolmazdan mümkin bolmazdy. Bu öňdebaryjy tehnologiýa, ýürek transplantasiýasyna garaşýan adamlar üçin zerur bolan warianty üpjün etmäge bizi bir ädim ýakynlaşýar”.
BiVACOR häzirki wagtda kliniki synaglaryň çäginde mehaniki ýüregi ýene iki hassa oturtmagy meýilleşdirýär. Synag üstünlikli geçirilen ýagdaýynda, hünärmenler täze tehnologiýa ýürek ýetmezçiliginden ejir çekýän müňlerçe adama elýeterli bolar diýip umyt edýärler.


09.06.2026 23:14
5.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....