"Dedpul we Rosomahanyň" hormatyna POCO F6 smartfony çykaryldy

  • 29.07.2024 21:34
  • 2.7k+

POCO kompaniýasy “Dedpul we Rosomaha” filminiň çykmagyna bagyşlanan F6 smartfonynyň ýörite wersiýasyny hödürledi.

Enjamyň arka paneli Dedpulyň geýimiminiň reňkinde bolup, onda iki gahrymanyň suratlary bar.
POCO F6 smartfony maý aýynda çykarylan adaty wersiýasyndan diňe dizaýny bilen tapawutlanýar.
POCO F6-nyň aýratynlyklary:

  • Ekrany: 6,67 dýuýmlyk, OLED, 2712×1220, 120 Gs, 12 bit, ýagtylygy 2400 nite çenli, HDR 10+
  • Prosessor: Snapdragon 8s Gen 3
  • Batareýa: 5000 mAs, 90W çalt zarýad bermek
  • Ýat: 12 GB operatiw ýat LPDDR5X, 256 GB hemişelik UFS 4.0
  • Kameralar: esasy 50 MP (Sony LYT-600), giň burçly 8 MP (Sony IMX355), öň kamera 20 MP
  • Operasion ulgamy: HyperOS
  • Baglanyşyk: USB Type-C, Wi-Fi 6, Bluetooth 5.2, GPS, LTE, 5G, NFC

POCO F6 diňe hindi bazarynda elýeterlidir, onuň bahasy - 30 000 rupiýe (takmynan 358 dollar) deňdir, bu bolsa adaty wersiýanyň bahasyndan 4000 rupiý (50 dollar töweregi) arzan. Ilkinji satuwlar çäkli 3000 ekzemplýarda 7-nji awgustda başlar.


düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......