Günüň üstünde iýul aýynda üçünji gezek güýçli partlama hasaba alyndy

  • 29.07.2024 16:01
  • 3.5k+

Duşenbe güni, 29-njy iýulda Aşgabat wagty bilen 07:37-de Günde şu aýyň dowamynda eýýäm üçünji gezek X klasa degişli güýçli partlama bolup geçdi. Bu barada RF-niň Amaly geofizika institutynda habar berdiler.

X1.5 partlamasy 3764 (S05W04) tegmiller toparyndaky rentgen diapazonynda hasaba alyndy we 10 minut dowam etdi.
Mundan öň, iýul aýynda X1.2 (14 iýul) we X1.9 (16 iýul) partlamalary hasaba alyndy.
Gün alawlamalary rentgen şöhlesiniň güýji boýunça bäş klasa bölünýär: A, B, C, M we X. Alawlar, adatça, Ýere ýetende magnit tupanlaryny döredip biljek Gün plazmasynyň zyňyndylary bilen utgaşýar.


11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...