22 ýaşly Leon Marşan 400 metre toplumlaýyn ýüzmekde Olimpiýa rekordyny goýdy

  • 29.07.2024 15:17
  • 3.2k+

Fransiýadan bäş gezek dünýä çempiony Leon Marşan Parižde dowam edýän Oýunlarda 400 metre toplumlaýyn ýüzüşde altyn medal gazanyp, täze Olimpiýa rekordyny goýdy. 22 ýaşly ýüzüji bu aralygy 4 minut 2,95 sekuntda geçip, amerikaly Maýkl Felpsiň 2008-nji ýylda geçirilen Oýunlarda goýan rekordyny (4 minut 3,84 sekunt) täzeledi.

Marşana bu aralyga ýüzmekde 2023-nji ýylda goýlan dünýä rekordy hem degişli – 4 minut 2,50 sekunt.
Ikinji orny ýaponiýaly Tomoýuki Matsusita eýeledi (+5,67 sekunt), bürünç medaly amerikaly Karson Foster aldy (+5,71).
Zenanlaryň arasynda 100 metre batterflýaý usulda ýüzmekde amerikaly Torri Haski ýeňiş gazandy (55,59 sekunt). Kümüş medaly onuň watandaşy Grethen Uolş aldy (+0,04), bürünç medala hytaýly Çžan Ýufeý mynasyp boldy (+0,62).


02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

02.06.2026 12:06
10k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

14.05.2026 10:38
3.3k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.7k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......