Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň sanawyna ýadygärlikleri girizmek meseleleri maslahatlaşyldy

  • 29.07.2024 14:11
  • 1k+

27-nji iýulda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işlerini, “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, konserwirlemek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ýazuw ýadygärliklerini ýüze çykarmak, düýpli öwrenmek, ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek babatda öňde durýan wezipeler hem-de beýleki meseleler girizildi.
Milli mirasymyzyň ÝUNESKO-nyň degişli sanawlarynda eýeleýän ornuny giňeltmek babatda degişli çäreleriň geçirilendigine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň martynda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy bilen bilelikde türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny, ýurdumyzyň teklibi esasynda çaga sallançagyny ýasamak we hüwdiniň ýerine ýetirijilik däplerini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin Täjigistan Respublikasy we Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde taýýarlanan hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Sanly ylym” atly ÝUNESKO kafedrasyny açmak üçin taýýarlanylan resminamanyň hem guramanyň Sekretariatyna tabşyrylandygy aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen bilelikde XVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri Döwletmämmet Azadynyň, Mahmyt Zamahşarynyň golýazmalaryny, Ybraýym Edhem baradaky dessanlary, Türkmenistanyň orta asyr taryhynda sopuçylyk we halk lukmançylygy ulgamynda düýpli yz galdyran Mäne baba, Gözli ata ýaly görnükli şahslar barada ýurdumyzda we daşary ýurtlarda saklanyp galan möhüm ýazuw çeşmelerini ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna gymmatly ýazuw ýadygärlikleri hökmünde girizmek boýunça hödürnamalar taýýarlanylýar. Şeýle-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürnamanyň deslapky nusgasy taýýarlanyldy. Hödürnamanyň gutarnykly nusgasyny ýakyn wagtda ÝUNESKO gowşurmak meýilleşdirilýär.
Soňra mejlisiň gün tertibindäki nobatdaky meselä geçilip, “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, düýpli öwrenmek, konserwirlemek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda zerur işleriň alnyp barlandygy bellenilip, Amul galasynyň, Akjagala kerwensaraýynyň goragy güýçlendirmäge degişlidiginiň kesgitlenilendigine üns çekildi we käbir teklipler öňe sürüldi.
Mejlisde ýazuw ýadygärliklerini ýüze çykarmak, düýpli öwrenmek we ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek babatda öňde durýan wezipelere degişli çykyş diňlenildi. Şunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň golýazma gaznasynda ençeme gymmatly golýazmalaryň saklanylýandygyna üns çekilip, olaryň birnäçesini, hususan-da, Salar baba Gulaly ogly Hyrydarynyň XVI asyrda ýazan “Jamyg-ut taryh” atly golýazmasyny, Döwletmämmet Azadynyň öz eli bilen ýazan “Şerhil Muhteser wikaýe” atly golýazmasyny ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” atly maksatnamasynyň sanawyna goşmak üçin degişli işleriň geçirilýändigi bellenildi. Şonuň ýaly-da, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň çäginde ýerleşýän “Peleňlizaw” gaýa ýazgysyny geljekde ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” atly maksatnamasynyň sanawyna goşmak maksat edinilýär. Şeýle hem Muhammet ibn Muhammet Sarahsynyň “Muhyt” atly golýazmasyny, halk döredijiligine degişli «Ybraýym Edhem» dessanynyň golýazmasyny ÝUNESKO-nyň sebit boýunça milli mirasynyň sanawyna goşmak meýilleşdirilýär.
Mejlisde toparyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, birnäçe teklipler hödürlenildi. Hususan-da, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynda wagtlaýyn başlyklyk etmek ygtyýarlygynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparyna geçirilendigi baradaky wezipelerden ugur alnyp, toparyň wagtlaýyn başlyklyk etjek döwründe ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy bilen baglylykda birnäçe teklipler beýan edildi. Şolaryň hatarynda 1956-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň karary bilen döredilip, bütindünýä medeni gymmatlyklaryň ähli görnüşlerini gorap saklamak we dikeltmek boýunça iş alyp barýan ýeke-täk halkara düzüm bolan Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada teklip bar.
Mejlisde beýleki meseleler boýunça hem çykyş edilip, birnäçe teklipler diňlenildi. Hususan-da, Gadymy Amul galasyny goramak, düýpli öwrenmek we konserwasiýa etmek meseleleri boýunça; ÝUNESKO klublarynyň Düzgünnamasyny tassyklamak; ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamynda ýokary netijeleri gazanmagy başaran şäherlerini ÝUNESKO-nyň öwrenýän şäherleriniň ählumumy toruna (Global Network of Learning Cities) hödürlemek; Türkmenistanyň çäklerinde milli geologik seýilgähleri döretmek; ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň Türkmenistan boýunça milli utgaşdyryjysyny bellemek barada teklipler beýan edildi.


şu gün 18:04
455

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......