NASA kosmosda lazer aragatnaşygyny üstünlikli synagdan geçirdi

  • 29.07.2024 12:53
  • 2.3k+

NASA kosmosda lazer aragatnaşygyny üstünlikli synagdan geçirdi we uçardan 4K wideony Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) we yzyna ibermek ukybyny görkezdi. Bu geljekki missiýalar üçin täze mümkinçilikleri açýar, şol sanda Aýdan, hatda Marsdanam göni ýaýlymlary guramagy öz içine alýar.

Synag Pilatus PC-12 uçaryna oturdylan göçme lazer terminaly arkaly geçirildi. Signal Ýerden 35 405 km uzaklykda ýerleşýän Laser Communications Relay Demonstration (LCRD) görkeziş hemrasyna, soňra bolsa HKS-a iberildi.

“Bu synaglar - uly üstünlik. Indi Artemis kosmonawtlarymyza ekipažyň saglygy we hereketlerini ugrukdyrmakda ähmiýetli boljak, HD wideo konferensiýasy ýaly, geljekki mümkinçilikleri hödürlemek üçin kosmos stansiýasyna we yzyna 4K HD formatdaky wideo akymyny geçirmekde üstünligimize esaslanyp bileris "- diýip, HDTN taslamasynyň esasy barlagçysy Deniýel Raýbl mälim etdi.

Lazer aragatnaşygynyň adaty radio tolkunlaryna garanda birnäçe artykmaçlygy bar: ol has çalt, bu hakyky wagtda maglumat alyşmaga mümkinçilik berer we esasanam kosmos giňişligi şertlerinde has ygtybarly.
Lazer aragatnaşyk tehnologiýasy 2028-nji ýyla çenli – NASA-nyň adamlary Aýa alyp barjak Artemis-4 missiýasy amala aşyrylýança kämilleşdiriler. Bu adamzada Aýa gonulyşyny hakyky wagtda 4K-formatda tomaşa etmäge mümkinçilik berer.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....