Täze çykan Toyota Camry ulanmak üçin Tesla, Volkswagen we BYD ulaglaryndan has arzan düşýär

  • 29.07.2024 11:55
  • 10k+

Çžeszýan welaýatynyň (Hytaý) Sarp edijileriň hukuklaryny goramak boýunça komissiýasynyň awtoulag hünärmenler topary dürli görnüşli elektrik güýç gurluşlary bolan meşhur sedanlara eýeçilik etmegiň bahasyna deňeşdirme seljermesini geçirdi. Deňeşdirmä Toyota Camry-niň gibrid güýç gurluşly dokuzynjy nesli, benzin hereketlendirijili Volkswagen Passat, Tesla Model 3 we gibrid BYD Han DM-i gatnaşdy. Bu barada MyDrivers habar berýär.

Barlagyň netijelerine görä, Toyota Camry alyjy üçin iň bähbitli ulag boldy. Gibrid Camry-ä 8 ýyllap işlän döwründe 25,9 müň dollar çykdajy ediler, bu bolsa awtoulagyň öz bahasyndan sähel köpdür. Benzin bilen işleýän Passat birneme gymmat bolup çykdy - 8 ýylda 26,4 müň dollar.
Şol bir wagtyň özünde, Tesla Model 3 eýesine has gymmat düşýän eken - 8 ýylda 35,3 müň dollar, gibrid BYD Han DM-i bolsa 35,7 müň dollar boljak eken.
Hünärmenler awtoulag saýlananda diňe ýangyjyň bahasyna däl, eýsem, onuň işleýşi  bilen baglanyşykly ähli çykdajylara hemmetaraplaýyn baha bermelidigini nygtaýarlar. Şeýle çykdajylara elektrik ulagynyň we gibridiň zarýad berijileriniň bahasy, tehniki hyzmat, ätiýaçlandyryş, wagtyň geçmegi bilen ulagyň könelmegi we gymmatyny ýitirmegi degişlidir.


şu gün 09:36
392

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

düýn 01:38
5.9k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
11k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.4k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......