Infokommunikasiýa hünär-tehniki okuw mekdebi dalaşgärleri okuwa çagyrýar

  • 28.07.2024 19:15
  • 10k+

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Infokommunikasiýa hünär-tehniki okuw mekdebi 2024/ 2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Buhgalterçilik işi;
  2. Awtomatlaşdyrylan elektrik aragatnaşygynyň elektromehanigi;
  3. Demir ýolda aragatnaşyk tok enjamlaryny gurnamak boýunça montažçy – elektromehanik;
  4. Signalizasiýa, merkezleşdirme we blokirleme enjamlarynyň elektromontýory;

Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.  
Okuwyň möhleti  hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli. 
Resmi iş kagyzlary Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Infokommunikasiýa hünär-tehniki okuw mekdebinde 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan  25-nji awgusty aralygynda  kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • - bellenen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • - bellenen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • - umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
  • - bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • - soňky okan  ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • - 3x4  möçberdäki  alty sany fotosurat;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
  • Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 25-26-y günlerinde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Infokommunikasiýa hünär-tehniki okuw mekdebinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika we matematika derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Infokommunikasiýa hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gulukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

  1. Kompýuteriň operatory;
  2. Kompýuter sowatlylygy
  3. Buhgalter;

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • - bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky haty;
  • - pasportynyň göçürmesi; 
  • - Bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
  • - 3х4 möçberindäki iki sany fotosurat.

Bellik: 10 aý we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
Alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okanlygy hakynda degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Infokommunikasiýa hünär-tehniki okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan 13.
Tel: +993 (12) 49-95-92;
+993 (12) 49-62-75.


23.06.2026 18:58
2.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......