Olimpiýa futbol ýaryşlary: ikinji tapgyr duşuşyklary geçirildi

  • 28.07.2024 19:03
  • 11k+

27-nji iýulda Parižde Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde erkekleriň arasynda futbol ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji oýunlary oýnaldy. Jemi ýedi duşuşyk geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça A, B, C we D toparlarda orunlar belli boldy.

Oýunlaryň netijeleri:

  • A topar: ABŞ - Täze Zelandiýa 4:1 / Fransiýa - Gwineýa 1:0
  • B topar: Ukraina - Marokko 2:1 / Argentina - Yrak 3:1
  • C topar: Ispaniýa – Dominikan Respublikasy 3:1 / Müsür - Özbegistan 1:0
  • D topar: Ýaponiýa - Mali 1:0 / Paragwaý - Ysraýyl 4:2

Toparlarda gutarnykly orunlary kesgitlejek üçünji tapgyr duşuşyklary 2-nji awgustda geçiriler. Toparlaryň her birinden iki sany iň gowy topar çärýek finala çykar.
Ýatlatsak, Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde futbol ýaryşy 24-nji iýul - 9-njy awgust aralygynda geçiriler.


düýn 14:29
5.5k+

Türkmenistan CAFA Milletler kubogynda Gyrgyzystan, Özbegistan we Oman bilen duşuşar

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlarynyň tertibi resmi taýdan mälim edildi. Bu barada CAFA-nyň metbugat gullugy habar berýär. CAFA-nyň Milletler kubogy taryhda ikinji gezek geçirilýär...

24.08.2025 16:45
4.9k+

«Barselona» üçünji egin-eşik toplumyny hödürledi: Klub 11 ýyldan bäri ilkinji gezek mämişe reňke dolanar

«Barselona» futbol kluby 2025/26 möwsüm üçin üçünji egin-eşik toplumyny görkezdi. Hansi Fligiň topary 2014/15 möwsüminden bäri ilkinji gezek mämişi köýnekçede meýdana çykar. Klub taryhynda bu reňk sekizinji gezek ulanylar...

23.08.2025 18:33
20k+

Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň bijeleriniň çekiljek senesini we ýerini aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň bije çekişiginiň 5-nji dekabrda Waşingtonyň Kennedi adyndaky Ýerine ýetiriş sungat merkezinde geçiriljekdigini habar berdi. Ol muny FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň gatnaşmagynda Prezidentiň iş otagyndan ýörite ýüzlenme bilen aýtdy...

22.08.2025 19:07
14k+

Nike Braziliýadan sekiz ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşdy

Nike Braziliýadan “Flamengo” klubunyň çagalar toparynda çykyş edýän sekiz ýaşly futbolçy Natansinýo bilen şertnama baglaşdy. Bu barada O Globo neşiri habar berýär. Geçen möwsümde Natansinýo 8 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Rio-de-Žaneýronyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy...