Awstraliýa Olimpiadanyň birinji gününden soň medal sanawynda öňdeligi eýeleýär

  • 28.07.2024 18:44
  • 11k+

Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji gününde 13 medal toplumy paýlandy. Medal sanawynyň garaşylmadyk öňdebaryjysy üç altyn we iki kümüş medal gazanan Awstraliýanyň milli ýygyndysy boldy. Awstraliýaly türgenler ähli baýraklary suwda ýüzmek ýaryşynda we welosiped ýaryşlarynda gazandylar.

Ikinji orunda iki altyn, bir kümüş we bir bürünç medal bilen Hytaý ýerleşdi. Hytaý türgenleri sport atyşygynda we suwa bökmekde tapawutlandylar. ABŞ bir altyn, iki kümüş we iki bürünç medal bilen üçünji orny eýeleýär.
Regbi-7 boýunça ýaryşda ilkinji altyn medaly gazanan Fransiýa medal sanawynda dördünji orunda ýerleşýär. Olimpiýa oýunlaryny kabul eden fransuz türgenleri üçlüge girmäge çalyşýarlar.
Gazagystanyň hem üstünlikli başlangyjyny bellemek gerek. Dzýudoda Ýeldos Smetowyň altyn medaly we garyşyk toparyň atyşykda bürünç medaly Gazagystana medal sanawynda ýokary orny eýelemäge mümkinçilik berdi.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.9k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....