Starlink 1000-den gowrak uçary internete birikdirdi

  • 28.07.2024 16:26
  • 6.5k+

SpaceX kompaniýasy Starlink hemra ulgamynyň dünýäde 1000-den gowrak uçarda ýokary tizlikli interneti üpjün edýändigini habar berdi. Bu barada Kanadanyň WestJet we Telus kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň yglan edilmegi bilen baglylykda aýdyldy diýip, IXBT habar berýär.

“Starlink-e dünýäde 1000-den gowrak uçaryň birikdirilendigini göz öňünde tutsaň, sähel bökdençlik bilen ýokary tizlikli internet – bu awiasion aragatnaşygyň geljegi” – diýip, Starlink-iň korporatiw satuw boýunça wise-prezidenti Jeýson Friç aýtdy.

WestJet bilen hyzmatdaşlyk bu awiakompaniýanyň ýolagçylaryna ýakyn aýlarda Starlink internetine elýeterli bolmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, Telus bilen hyzmatdaşlyk WestJet Rewards maksatnamasyna gatnaşyjylara Starlink-e mugt elýeterliligi hödürlär.
SpaceX-iň ýolbaşçysy Ilon Mask Starlink-iň ýolagçylara hatda howada-da ýerüsti süýüm birikmesiniň tizligini duýmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Starlink-e birikdirilen uçarlaryň sanynyň barha artmagyna we dünýädäki ýolagçylara uçuş wagtynda ýokary tizlikli internete elýeterliligi hödürlemegine garaşylýar.


17.06.2026 17:42
6.1k+

«Mugt Buharda ýok»: Starlink mugt hyzmatlary ýatyryp, enjamlar üçin töleg almakçy

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy....

05.05.2026 23:24
3.4k+

Tehasyň ýaşaýjylary raketalaryň sesi zerarly SpaceX-iň üstünden arz etdiler

Tehas ştatynyň ýaşaýjylary raketalaryň synag uçuşlary mahalynda emele gelýän güýçli ses tolkunlarynyň öýlerine zeper ýetirýändigini aýdyp, SpaceX kompaniýasynyň üstünden arz etdiler. Bu barada Texas Tribune......

20.02.2026 11:25
2.5k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

14.09.2025 20:25
6.4k+

Mask Starlink-iň wagtyň geçmegi bilen öýjükli aragatnaşyk operatorlarynyň ornuny eýelejekdigini aýtdy

SpaceX ýakynda EchoStar amerikan aragatnaşyk operatoryndan 17 mlrd dollara 50 MGs diapazondaky ýygylyklary satyn aldy. Bu şertnama teswir bermek bilen, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask wagtyň geçmegi bilen Starlink-iň ähli adaty operatorlaryň ornuny eýeläp biljekdigini aýtdy...