Time 2024-nji ýylda syýahatçylar üçin iň gowy 100 ýeriň sanawyny düzdi

  • 28.07.2024 16:10
  • 5.6k+

“Time” žurnaly 2024-nji ýylda syýahatçylar üçin iň gowy 100 ugruň sanawyny hödürledi. Ol jahankeşdeleriň dürli gyzyklanmalaryny we isleglerini göz öňünde tutýar.

Işjeň dynç alşy söýýänler üçin žurnal Keniýadaky safarini, Malaýziýada retroekspressi, Alýaskadaky “Denali” milli seýilgähinde pyýada gezelençleri we Botswanada welosiped ugurlaryny maslahat berýär.
Rahatlandyryjy dynç alşy makul bilýänler üçin “Time” Awstriýadaky Gündogar Tirola baryp görmegi, Täze Zelandiýadaky demirgazyk polýar şöhlelenmesinden lezzet almagy ýa-da Samui adasynda dynç almagy teklip edýär.


Ýekelikde dynç almak isleýänler üçin Niderlandlardaky Dýurgerdam obasy hödürlenýär.
Žurnal binagärlik muşdaklaryna Pariždäki “Le Gran Mazarini” myhmanhanasyna, kolonial gökdirän binalary bolan Buenos-Aýrese we asuda köçeleri bolan Londona baryp görmegi teklip edýär.
Sanawda hödürlenen beýleki gyzykly ugurlaryň arasynda Norwegiýanyň fiordlarynyň üsti bilen parom ýollary, Guanhandaky üýtgeşik heýkeller, Täze Zelandiýadaky Tutukakanyň suwasty dünýäsi we Awstraliýadaky gülgüne köl bar.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......