Atabaý Çarygulyýew, Nurýagdy Tokgaýew, Rejep Ulugow – haýsysy barada diňlemek isleýärsiňiz?

  • 27.07.2024 16:43
  • 31k+

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti halypa aýdymçylaryň haýsy biriniň ömür-döredijilik ýoly hakynda gürrüň beriljekdigini tomaşaçylara kesgitlemegi teklip edýär. Munuň üçin SMS arkaly ses bermek ýeterlik.

Owaz radioýaýlymynyň “Sungata sarpa” gepleşigi ussat halypalarymyzdan söz açýan gepleşikleri taýýarlap ýaýlyma berýär. Şeýlelik bilen, ildeşlerimiz haýsy halypanyň ömür-döredijiligi bilen has gyzyklanýandygyny anyklap, şol barada gepleşikler ýaýlyma berler.
Sungat ýolunda mahmal owazy bilen yz galdyran halypa aýdymçylarymyza ses bermek üçin 0502 gysga belgisine 111, 222 ýa-da 333 kod belgisini SMS arkaly ugratmaly.
111 - 
Türkmenistanyň halk artisti Atabaý Çarygulyýew;
222 - Türkmenistanyň at gazan artisti Nurýagdy Tokgaýew;
333 - Türkmenistanyň at gazan artisti Rejep Ulugow.

Gepleşigiň şertlerine görä, ussat aýdymçylaryň  haýsysyna has köp sms gelse, şol aýdymçynyň döredijiligi barada “Sungata sarpa” atly gepleşik 4-nji awgustda 12:04-de “Owaz” radioýaýlymynda ýaýlyma berler.
Ses bermegiň netijelerini şu salgydan yzarlap bilersiňiz.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.9k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.9k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......