Türkmenistanda awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi aýdyldy

  • 27.07.2024 14:32
  • 9.3k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde M.Mämmedowa şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlary, «tegelek stol», döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener.
Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik, zehin bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik, sport çärelerini, Hazar deňziniň güni mynasybetli maslahaty guramak göz öňünde tutulýar. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýatlar boýunça jemleýji tapgyrlary, Aşgabat şäherinde «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem geljek aýyň esasy çäreleriniň hatarynda görkezildi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......