19-njy awgustda Aşgabatda çagalar, okuwçylar, talyplar üçin harytlaryň sergisi geçiriler

  • 27.07.2024 12:11
  • 3.7k+

19-njy awgustda Aşgabatda “Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi ýarmarkasy geçiriler. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew sergi ýarmarkasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Sergi ýarmarkasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň çagalar, okuwçylar, talyplar üçin harytlaryny, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri, okuw esbaplaryny, elektron harytlary hödürlemek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen birlikde, pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin ussatlyk sapaklarynyň, bäsleşikleriň guralmagy, meşhur Modalar öýleriniň çagalar üçin täze lybaslarynyň dabaraly görkezilişini guramak meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhamedow 19-njy awgustda paýtagtymyzda geçiriljek sergi ýarmarkasyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu halkara sergini guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.9k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.9k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......