W12-niň döwri tamamlandy: Bentley iň soňky 12 silindrlik hereketlendirijisini çykarýar

  • 27.07.2024 11:37
  • 8.8k+

Bentley kompaniýasy 2003-nji ýyldan bäri çykarylýan W12 hereketlendirijileriniň önümçiligini tamamlady. 6.0 litrlik hereketlendirijiniň iň soňky ekzemplýary Angliýanyň Krýu şäherindäki zawodda ýygnaldy.

Bentley Continental GT-de çykarylyp başlan W12 hereketlendirijisi kompaniýanyň keşbini üýtgedip, 100 müňden gowrak awtoulagda gurnaldy.
Bentley-iň önümçilik boýunça müdirler geňeşiniň agzasy Andreas Lehe: "Biz bu rowaýaty köp ýyl bäri Beýik Britaniýada taslap, ösdürip, öndürendigimize buýsanýarys".
Indi Bentley hatardaky ähli awtoulaglarda elýeterli boljak V8 gibrid hereketlendirijilerini öndürer.
Bu karar, kompaniýanyň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara we täze nesil hereketlendirijilerine bolan ymtylyşyny görkezýär.

düýn 09:56
2.3k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....