FIFA Pariždäki Olimpiadada futbolçylaryň eminler bilen aragatnaşygyny çäklendirýär

  • 26.07.2024 15:40
  • 11k+

Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda oýunçylaryň eminler bilen aragatnaşygyny çäklendirýän tejribesini dowam etdirer. Bu barada guramanyň resmi saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Ýewro-2024-de synag edilen täze düzgün diňe toparlaryň kapitanlaryna eminler bilen gürleşmäge rugsat berýär. FIFA we Halkara Futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) tejribäni üstünlikli diýip hasapladylar we Olimpiadanyň gatnaşyjylary üçin görkezmeleri hödürlediler.

Kapitanlar oýunçylaryň eminiň töwereginde üýşmezligine gözegçilik etmeli. Eminiň ýanyna baryp, onuň bilen rugsatsyz gürleşýän oýunçylara sary duýduryş berler. Kapitan bolmadyk futbolçy bilen aragatnaşyk eminiň garamagyna galýar.

Eger kapitan derwezeban bolan ýagdaýynda, topar emin bilen gürleşmek üçin meýdan oýunçysyny bellemeli. Diňe saýlanan oýunçy eminler bilen gürleşip biler.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......