Täze Toyota Corolla bir ýangyçda 2100 km ýol geçjek ýöreýiş ätiýaçlygyna eýe bolar

  • 26.07.2024 10:23
  • 12k+

2026-njy ýylda bazarda ep-esli gowulandyrmalary alan Toyota Corolla-nyň täze nesli peýda bolar. Olaryň arasynda ýöreýiş ätiýaçlygy 2100 km-e çenli artdyrylan gibrid görnüşi bar, bu şuňa meňzeş aýratynlyklary hödürleýän hytaý modelleri bilen bäsleşmäge mümkinçilik berer.

Best Car neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, Corolla-nyň täze nesli  aerodinamikany gowulandyrjak we ýangyç harçlanyşyny azaldýan täzelenen pes dizaýny alar. Dizaýn inçe panjaraly we has uly howa girişleri bolan häzirki Prius modelinden ylham alýar.
Esasy komplektasiýasynda 130 at güýjüni öndürýän 1,5 litrlik tebigy islegli hereketlendiriji köne görnüşlerde gibrid ulagyň (HEV) esasyna öwrüljek standart hökmünde elýeterli bolar. Häzirki gibrid modellerde ulanylýan 2,5 litrlik tebigy islegli hereketlendirijiniň ornuny tutýan, 180 at güýji bolan turbo görnüşli wersiýa hem elýeterli bolar.
Corolla ilkinji gezek Prius Prime-iň tehnologiýasyny ulanýan plugin gibrid (PHEV) bilen hödürlener. Hytaýyň BYD kompaniýasynyň eýýäm 2000 km-den gowrak ýöreýiş ätiýaçly gibrid modelleri çykarandygyny bellemelidiris.
Şeýle hem, Toyota häzirki 2,4 litrligiň ornuny tutjak täze 2,0 litrlik turbo hereketlendirijisiniň üstünde işleýär. Kompaniýanyň tassyklamagyna görä, 1,5 litrlik turbo hereketlendirijisi häzirki 2,5 litrlik tebigy islegli hereketlendirijiden 30% täsirli bolar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......