Ford täze Ranger Tremor ulagyny hödürledi

  • 26.07.2024 07:50
  • 7.9k+

Ford başda diňe Awstraliýada elýeterli boljak täze Ford Ranger Tremor-y hödürledi. 1150 sany çäkli mukdarda çykarylan bu model meşhur Wildtrak X wersiýasyndan ylhamlanan, gowulandyrylan wnedorožnigiň häsiýetnamasyny aldy diýip, Speedme ýazýar.

Ranger Tremor-da ýörite Bilstein Position-Sensitive Dampers amortizatorlary bilen enjamlaşdyrylan, ýerden beýikligi 26 mm we tigir yzy 30 mm giňän. Şeýle hem, awtoulagda Trail Turn Assist, Rock Crawl we Trail Control ýaly aýratynlyklary bolan dört tigrini doly hereket getirýän (4WD) ulgamy aldy.
Tremor-yň daşky görnüşi 17 dýuýmlyk Asphalt Black garyndy tigirleri, General Grabber AT3 wsedorožnik tekerleri, Tremor nyşany, radiatoryň gözenegindäki goşmaça LED çyralary, öň tarapky polatdan plastinasy, gapdal alýumin basgançaklary we howpsuzlyk sport dugasy bilen tapawutlanýar.
Ford Ranger Tremor-iň bahasy 46 000 dollardan başlaýar.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....