Pariždäki Olimpiadada ilkinji dünýä rekordy açylyş dabarasyndan öň goýuldy

  • 25.07.2024 22:44
  • 13k+

26-njy iýulda Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyny geçirjek Pariž şäherinde eýýäm ilkinji dünýä rekordy goýuldy. Bu barada RBK habar berýär.

21 ýaşly günorta koreýaly ýaý atyjy Lim Si Hýon kwalifikasiýa gatnaşmak bilen mümkin bolan 720 utukdan 694 utuk gazanyp, öz watandaşy Kan Çe Ýon tarapyndan 2019-njy ýylda goýlan rekordy (692 utuk) täzeledi.
Dünýä reýtinginde ikinji orny eýeleýän Lim Si Hýon toparlaýyn ýaryşlarda 2023-nji ýylyň dünýä çempionydyr. Onuň üçin bu Olimpiýa oýunlary ilkinji boldy.
Olimpiadanyň resmi açylyşyndan öň goýlan bu rekord Pariždäki Oýunlara gatnaşyjylaryň sport ussatlygynyň iň ýokary derejesini görkezýär.


02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

02.06.2026 12:06
10k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

14.05.2026 10:38
3.3k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.7k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......