Selin Dion we Ledi Gaga Parižde geçiriljek Olimpiadanyň açylyş dabarasynda çykyş eder

  • 25.07.2024 22:39
  • 6.4k+

26-njy iýulda Parižde geçiriljek 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Selin Dion we Ledi Gaga çykyş eder. Bu barada žurnalist Týerri Monro salgylanyp, Independent neşiri habar berýär.

Aýdymçylar Edit Piafyň “La Vie en rose” aýdymyny bilelikde ýerine ýetirmäge taýýarlanýarlar. Selin Dion üçin bu 2022-nji ýyldan bäri sahna ilkinji çykyş bolar, ol şol wagt saglyk ýagdaýy sebäpli global syýahatyny ýatyrmaga mejbur boldy.
Olimpiýa oýunlary-2024-üň açylyş dabarasy adaty bolmadyk görnüşde geçiriler: stadionyň deregine esasy hereket ýeri Sena derýasy bolar we hut şu ýerde türgenleriň ýörişi geçiriler. Dabara Aşgabat wagty bilen 22:30-da başlaýar.


06.11.2025 23:15
1.8k+

LEGO Bred Pittiň baş keşbi ýerine ýetiren “F1” filmi boýunça täze toplumy hödürledi

LEGO kompaniýasy Bred Pitt bilen Damson Idrisiň baş keşpleri ýerine ýetirmeginde çykan “F1” filmine bagyşlanan täze toplumy görkezdi. Toplum 268 bölekden ybarat bolup, ýaryş awtomobilini, şeýle-de baş gahrymanlaryň kiçi heýkeljiklerini: Sonni Heýsi (Bred Pitt) we Joşua Pirsi (Damson Idris) öz içine alýar...

23.10.2025 09:54
5.8k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy Jiorjio Armaniniň hormatyna bagyşlanar

2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy italýan moda älemindäki meşhur dizaýner Jiorjio Armaniniň hormatyna bagyşlanar diýip, WWD neşiri habar berýär. Dabara 6-njy fewralda Milanda “San-Siro” stadionynda we şäheriň beýleki ýerlerinde geçiriler...

17.05.2025 19:44
7.8k+

Los-Anjelesdäki Olimpiada-2028-de tomaşaçylary aerotakside gatnatmak meýilleşdirilýär

Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Archer Aviation kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga girdi. BBC-niň habar bermegine görä, esasy Olimpiýa desgalarynyň arasynda tomaşaçylary gatnatmak üçin howa taksisini ulanmak meýilleşdirilýär...

04.03.2025 21:11
5.5k+

Parižiň zikgehanasy poslan Olimpiýa medallaryny çalyşmak üçin 220 arza aldy

Parižiň zikgehanasy 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň medallaryny çalyşmak üçin 220 arza kabul etdi. Bu umumy medal sanynyň 4,5%-ine deňdir diýip, Frans Press agentligi habar berýär. Jemi diametri 85 mm we galyňlygy...