Toyota ýeňiji formulany saklap, düýpgöter üýtgemezden, RAV4-ni täzelär

  • 26.07.2024 11:46
  • 6.7k+

Toyota 2025-nji ýylda modeli täzeläninde meşhur RAV4-i[ formulasyny saklamagy meýilleşdirýär. Kompaniýa öwrülişikli üýtgeşmeleriň ýerine strategiki gowulaşmagy saýlap, dizaýny we işleýşini düýpgöter üýtgetmegi niýet edinmeýär diýip, Carscoops ýazýar.

Toyota Motor North America awtoulag bölüminiň başlygy Endrýu Jillend RAV4-i Camry bilen deňeşdirip, ykjam wnedorožnigiň satuw nukdaýnazaryndan kompaniýanyň “täze Camry”-si bolandygyny aýtdy. Camry meşhurlygyny ýitirse-de, beýleki tarapdan RAV4 gowy netije görkezmegini dowam etdirýär. 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda RAV4 Toyota-nyň ABŞ-daky satuwynyň dörtden bir bölegini emele getirdi we elektrikleşdirilen görnüşleriniň paýy 52% -e ýetdi.
Eger wnedorožnik alyjylary şol bir depginde özüne çekmegi dowam etdirse, 2019-njy ýyldaky iň ýokary derejesinden – 448 071 birlikden ýokary bolup, şu ýyl 500 000 ulagyň satylmagyny gazanyp biler. 2023-nji ýylda RAV4 1 075 million birligi bilen dünýäde iň köp satylan ikinji ulag boldy.
Toyota Motor North America -nyň önümi meýilnamalaşdyryş bölüminiň başlygy Kuper Eriksen: “Toyota müşderileriň isleglerini kanagatlandyrýan RAV4-iň ýeňiji adyny ýitirmek islemeýär” -diýdi.
RAV4-iň täze nesli üçin meýilleşdirilen üýtgeşmeler dizaýny döwrebaplaşdyrmagy, zyňyndy standartlaryna we beýleki öndürijiler bilen bäsdeşlige laýyklygy öz içine alar, ýöne düýpli häsiýete eýe bolmaz.
Toyota-nyň dilerleri köp sanly müşderini özüne çekýän we kompaniýanyň esasy ulaglaryndan biri bolmagynda galýan RAV4-e ýokary baha berýärler.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......