Samsung kompaniýasy Galaxy Ring-iň önümçiligini bir milliona ýetirer

  • 26.07.2024 07:41
  • 3.3k+

Samsung kompaniýasy, Galaxy Ring akylly ýüzüklerine sargytlaryň köpelmegi bilen olaryň önümçiligini bir milliona çenli artdyrmak kararyna geldi.

Kompaniýa ilki 400 000 ýüzük öndürmegi meýilleşdirdi. Ýöne indi ýylyň ahyryna çenli üpjün edijilerden ýene 600 000 ýüzük öndürmegi talap edýär.
Kompaniýa Galaxy Ring-iň diňe Samsung Galaxy smartfonlary bilen däl-de, beýleki Android enjamlary bilen hem işlejekdigini tassyklady. Ýüzügiň işlemegi üçin Android 11 we azyndan 1,5 GB ýat gerek.
Insaýderler kompaniýanyň iOS üçin hem goldaw goşmagy meýilleşdirýändigini habar berýärler. Ýöne başlangyç satuwda bu goldaw ýokdy.
400 dollar bahasy bolan Galaxy Ring dürli saglygy yzarlaýyş funksiýalaryny we diňe Samsung Galaxy enjamlarynda elýeterli bolan Find My Ring funkiýasyny hödürleýär.
Galaxy Ring-iň satuwy eýýäm başlandy we Samsung aýda 200 000 ýüzük satmagy meýilleşdirýär. Eger kompaniýa muny başarsa, Galaxy Ring-iň satuwy, häzirki wagtda Samsung-yň garşysyna kazyýet işini alyp barýan Oura akylly ýüzüginiň üç nesliniň satuwyndan has köp bolar. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi Kaliforniýanyň kazyýetinde Ouranyň patentlerini bozmaýandygyny tassyklamak isleýär.
Ozal Samsung enjamy ulanmak üçin birnäçe teklip beripdi. Kompaniýa "ýüzük dakýan eliňizde magnit ýa-da magnit elementini saklasaňyz, ädim sanamak ýaly käbir funksiýalaryň kadaly işlemezligi" barada duýduryş berdi.


24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.6k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....