“Tapmaça 2” kino taryhynda iň köp girdeji gazanan multfilm boldy

  • 25.07.2024 18:42
  • 4.3k+

Nobatdaky prokat gününiň netijesi boýunça, “Tapmaça 2” multfilminiň girdejisi 1,452 mlrd dollardan geçdi. Indi Pixar studiýasynyň bu animasion filmi taryhda iň köp girdeji gazanan multfilmleriň sanawynda ynamly birinji orny eýeleýär.

Öň, rekord eýesi “Doňan ýürek 2” multfilmidi – Disney-iň işi öňdebaryjylygy yzygider bäş ýyl saklady. Kartinanyň awtorlary tomaşaçylara goldawlary üçin minnetdarlyk bildirip, baş gahrymanlar bilen orkrytka ýerleşdirdiler:

“Biz dünýäniň ähli künjeginden tomaşaçylaryň “Tapmaça 2-ä” bildiren söýgüsine haýran galýarys. Biziň täsin duýgular attraksionymyza goşulandygyňyz üçin minnetdar”.

Taryhda iň girdejili multfilmleriň ilkinji bäşligi:

  • “Tapmaça 2” (Головоломка) – $1,460 mlrd
  • “Doňan ýürek 2” (Холодное сердце 2) – $1,451 mlrd
  • “Doganlar Super Mario kinoda” (Братья Супер Марио в кино)  $1,361 mlrd
  • “Doňan ýürek” (Холодное сердце)  $1,274 mlrd
  • “Super maşgala 2” (Суперсемейка 2)  $1,242 mlrd.

“Tapmaça 2” baş gahryman Raýli Andersonyň ýetginjeklik döwri barada gürrüň berýär. Multfilmiň dowamynda birinji bölümdäki Şatlyga, Gynanja, Gorka, Gahara we Ýigrenje täze duýgular: Howsala, Göriplik, Ýürekgysgynçlyk we Çekinjeňlik goşulýar. Lentanyň premýerasy 14-nji iýunda boldy, sanly hyzmatlarda multfilm güýzde çykar.


düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......