Türkmenistandan dört talyp gyz SUSI maksatnamasy esasynda ABŞ-da okuw geçýär

  • 25.07.2024 15:04
  • 20k+

Türkmenistandan dört sany talyp gyz "ABŞ-nyň institutlaryny öwreniş" (SUSI) maksatnamasyna gatnaşdylar.

Öňdebaryjy talyplar üçin bäş hepdelik akademiki maksatnama 21-nji iýundan 26-njy iýul aralygynda amerikan ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda geçirilýär. Dalaşgärleri seçip almak netijesinde maksatnama gatnaşmak hukugyna Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden iki talyp - Gurbangül Sapargeldiýewa (biotehnologiýa we ekologiýa fakulteti) we Çynar Garlyýewa (kiberfiziki ulgamlar fakulteti), şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyndan iki talyp - Ýupar Egirjäýewa (halkara ykdysady gatnaşyklar fakulteti) we Akgözel Rasulowa (halkara gatnaşyklary fakulteti) gazandy.
Maksatnama ABŞ-nyň medeniýetini, taryhyny we jemgyýetini öwrenmekligi çuňlaşdyrmaga, şeýle hem liderlik başarnyklaryny we medeniýetara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Maksatnama gatnaşyjylar zähmetiň taryhy, bilim maksatnamalaryny işläp düzmek bilen bagly temalary öwrenýärler.
Bäş hepdäniň dowamynda talyp gyzlar interaktiw sapaklara, diskussiýalara, umumy sapaklara we workşoplara gatnaşýarlar. Olar şeýle hem ABŞ-nyň dürli desgalaryna we sebitlerine baryp görýärler.


02.06.2026 20:35
3.6k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......