Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizildi

  • 25.07.2024 13:50
  • 17k+

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler girizildi. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Türkmenistanyň Kanuny "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşirinde çap edildi.

Üýtgeşmä laýyklykda, Kanunyň 8-nji maddasynyň üçünji bölegi şu görnüşde beýan edilýär:

«3. Pensiýa, döwlet kömek puly, ony alýan adamyň arzasy boýunça onuň bankda açylýan hasabyna geçirilip bilner. Şeýle ýagdaýda pensiýalary ýa-da döwlet kömek pullaryny alýanlar her alty aýdan bir gezek Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmäge borçludyrlar. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmek sanly ulgam arkaly hem amala aşyrylyp bilner.
Pensiýalary ýa-da döwlet kömek pullaryny alýanlaryň Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda sanly ulgam arkaly bellenilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.».


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....