Pensiýa ýaşda talyp bolan: malaýziýaly bir adam 70 ýaşynda lukmançylyk uniwersitetiniň diplomyny aldy

  • 25.07.2024 12:34
  • 19k+

Malaýziýaly Toh Hong-Keng 70 ýaşynda lukmançylyk diplomyny aldy. South China Morning Post gazetiniň habar bermegine görä, ol Filippinleriň PHINMA Günorta-Günbatar uniwersitetini tamamlady. Neşirde haýsy hünär ugry boýunça tamamlandygy görkezilmeýär.

Ceby Daily News-da çap edilen makalada Hong-Keng ýaşlygynda özüni himiýa, inženerçilik we maliýe pudagyna bagyşlap, lukmançylyk karýerasyny arzuw etmändigi gürrüň berilýär. Gyrgyzystanda syýahat edip ýörkä, hindistanly lukman-talyplar bilen duşuşandan soň, 65 ýaşynda, pensiýa çykmazynyň öňýany lukmançylyk ugrundan bilim almak höwesi bilen joşdy. Maşgalasynyň goldawy Hong-Kenguwa höwesini amala aşyrmaga kömek etdi - golaýda uçurym bolan Hong-Kenguwyň üç çagasy we iki agtygy bar.

Okuw mekdebini saýlamak aňsat düşmedi. Hong-Keng ýaş çäklendirmesi bolmadyk we okuw tölegi elýeterli uniwersitet gözledi. Malaýziýada ol ýaşy 35-den geçmedik  ýekeje okuwçy hem tapmady we hususy okuw mekdeplerinde bolsa okuwyň tölegi gaty gymmatdy. Şeýle hem, Gyrgyzystanda okamakdan ýüz öwürdi, sebäbi bu ýaşdan soň täze dili öwrenmek özüne kyn düşer diýip hasaplady.
Hong-Keng ahyrsoňy Filippinleriň birnäçe uniwersitetine resminamalaryny  tabşyrdy we 2019-njy ýylda, 66 ýaşynda Sebu şäherindäki uniwersitete kabul edildi.
Hong-Kengiň Malaýziýada lukman bolup işlemek meýli ýok, sebäbi munuň üçin ol goşmaça şahadatnama almaly bolardy. Ol satuwlar ulgamyna dolanyp, lukmançylyk pudagynda marketingi öwrenmek isleýär.


17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3.1k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....