Olimpiada-2024: Erkekleriň futbol ýaryşynyň tertibi yglan edildi

  • 24.07.2024 16:04
  • 11k+

Parižde Olimpiada – 2024-üň açylyş dabarasy anna güni, 26-njy iýulda bolar, ýöne Olimpiýa oýunlarynda erkekleriň arasynda futbol ýaryşy eýýäm şu gün başlaýar. Janköýerlere toparlaýyn tapgyryň 1-nji tapgyrynyň birbada 8 oýny garaşýar.

Oýunlaryň başlanýan wagty Aşgabat wagty boýunça görkezilendir.

A toparça:

  • ·20:00 Gwineýa – Täze Zelandiýa
  • ·00:00 Fransiýa – ABŞ

B toparça:

  • ·18:00 Argentina – Marokko
  • ·22:00 Yrak – Ukraina

C toparça:

  • ·18:00 Özbegistan – Ispaniýa
  • ·20:00 Müsür – Dominikan Respublikasy

D toparça:

  • ·22:00 Ýaponiýa – Paragwaý
  • ·00:00 Mali – Ysraýyl

Ýatlap geçsek, häzirki Olimpiýa çempiony Braziliýanyň milli ýygyndysydyr, ol Olimpiada-2024-e saýlanyp bilmedi.
Ertir, 25-nji iýulda, zenanlaryň arasynda futbol ýaryşy başlar.


düýn 15:02
3k+

«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy....

düýn 14:05
6k+

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogyny aldy: 14-nji sekuntda geçirilen gol rekordy täzeledi

«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygynda penalti tapgyrynda Madridiň «Atletikosyny» ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 11:18
2.3k+

AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynda gatnaşyjylaryň sanyny 32-ä ýetirmek meýilleşdirilýär

Aziýa futbol konfederasiýasynyň Ýaryşlar komiteti 2026/27 möwsüminden başlap, Elita Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyryna gatnaşyjylaryň sanyny 24-den 32-ä çenli köpeltmegi maslahat berdi....

18.04.2026 23:43
6.9k+

«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi....