81-nji Wenesiýa film festiwalynyň maksatnamasy yglan edildi

  • 24.07.2024 13:39
  • 2.5k+

Wenesiýa film festiwaly ýetip gelýän 81-nji gözden geçirilişiniň maksatnamasyny yglan etdi. Oňa gatnaşjaklaryň 23-nji iýulda yglan edilen sanawy Variety tarapyndan neşir edildi.

Dünýäniň iň abraýly film festiwallaryndan biri öz adyna mynasypdyr. Bu ýyl sergi ýokary derejeli premýeralara baý. Esasanam, esasy bäsleşigiň maksatnamasynda Pedro Almodowar, Breýdi Korbet, Luka Guadanýino, Jastin Kurzel, Pablo Larrain, Walter Salles we Janni Amelio ýaly meşhur režissýorlaryň täze filmleri, şeýle-de Todd Fillipsiň “Joker 2” filmi bar.
Festiwal Tim Býörtonyň “Bitljus  Bitljus” filmi bilen açylar we Pupi Awatiniň “Amerikan bagy” bilen ýapylar.
Bäsleşigiň daşyndan Law Dias, Takeşi Kitano, Harmoni Korin, Kiýosi Kurosawa, Klod Leluş, Marko Bellokkýo, Errol Morris we Aliçe Rorwaher öz täze ilerini görkezer. Alfonso Kuaronyň, Tomas Winterbergiň we Jo Raýtanyň täze seriallary hem görkeziler.
Bäsleşigiň eminlerine Izabel Ýupper ýolbaşçylyk eder.
Şeýle hem, film festiwalynda aktrisa Sigurni Uiweriň (“Keseki” (“Чужой”) we režissýor Piter Uiranyň (“Trumanyň şüweleňi”) kinematografiýa goşan goşantlary hem bellener.
81-nji Wenesiýa film festiwaly 28-nji awgustdan 7-nji sentýabr aralygynda geçiriler.


düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......