Bloomberg: Apple filmlere we seriallara çykdajylary azaldar

  • 24.07.2024 12:36
  • 1.6k+

Bloomberg neşiriniň žurnalistleri Apple-iň özboluşly filmleriň we seriallaryň önümçiligi üçin çykdajylaryny azaltjakdygyny habar berdiler. Korporasiýa munuň üçin eýýäm 20 mlrd dollardan gowrak pul sarp etdi, ýöne henizem Apple TV+ striming hyzmatynda bir aýdaky tomaşa sany Netflix-de bir gündäki tomaşa sanyndan az.

Mysal üçin, Apple “Howa hökümdarlary” (Властелины воздуха) mini-serialyna, takmynan, 250 mln dollar sarp etdi, muňa garamazdan serial ABŞ-da, mysal üçin, Netflix-däki “Nindzýa öýi” (Дом ниндзя) filmi bilen deňeşdirilende az auditoriýa ýygnady.
Materialda Apple TV+-niň ABŞ-da teletomaşanyň bary-ýogy 0,2%-ini özüne çekýändigi aýdylýar. Kompaniýa öz kino bölümçesine ünsi çekmezlige çalyşýar, şonuň üçin onuň maliýe görkezijilerini aýan etmeýär.
Žurnalistleriň maglumatlaryna görä, Apple-iň internet hyzmatlary boýunça wise-prezidenti Eddi Kýu kompaniýanyň kinostudiýasynyň ýolbaşçylary Jeými Erliht we Zak Wan Amburg bilen ýygy-ýygydan duşuşýar. Duşuşyklarda taslamalaryň býujeti we çykdajylara gözegçiligi güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

10.05.2026 19:42
1.9k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......