Samsung kompaniýasy Galaxy Ring ýüzügini ulanmak boýunça görkezmeleri çykardy

  • 24.07.2024 12:30
  • 2.4k+

Samsung kompaniýasy iýul aýynyň ahyryna çenli satuwa çykjak täze Galaxy Ring gurluşyny howpsuz ulanmak boýunça görkezmelerini taýýarlady. Bu barada öz insaýderine salgylanyp, Android Authority neşiri ýazýar.

Kompaniýa akylly ýüzügiň eýelerine gurluşy sport bilen meşgullananyňda, mysal üçin, agyrlyklary götereniňde ýa-da urgy töwekgelçiligi ýokary bolan beýleki işleri ýerine ýetireniňde ulanmazlygy maslahat berýär. Sebäbi güýçli täsir sebäpli gurluş zaýalanyp biler.
Mundan başga-da, Samsung ýüzügi magnit meýdany çeşmeleriniň ýanynda dakynmazlygy maslahat berýär, olar ýüzüge birikdirilen ädim ölçeýjiniň işini bozup biler.
Öndüriji ýüzügiň ýasalan materiallaryna allergiki täsirleriň mümkindigi barada hem duýdurýar. Eger alamatlar ýüze çyksa, gyssagly lukmana ýüz tutmak gerek.
Bu görkezmelere eýerip, Galaxy Ring-i ulanyjylar öz gurluşlaryny wagtyndan öň zaýalanmakdan gorap bilerler.
Galaxy Ring üçin deslapky sargytlar 10-njy iýulda açyldy. Gurluşyň bahasy $400. 


düýn 10:19
1.8k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.6k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...

12.02.2026 11:38
5.9k+

Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär

Samsung kompaniýasynyň häzirki strategiýasy köplenç Apple-yň ädimlerine esaslanýar. Meşhur insaýder Ice Universe-iň habar bermegine görä, Apple-yň girizýän islendik täzeçilligi derrew Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň meýilnamalaryna täsir edýär...

05.02.2026 13:09
4.9k+

Samsung kamerasynyň we zumuň täze mümkinçiliklerini görkezdi. Ähtimal, bular Galaxy S26 modellerinde bolar

​Samsung kompaniýasy Groove, Glow we Closer atly gysga wideolaryň tapgyryny neşir etdi. Resmi taýdan bu diňe tehnologiýalaryň görkezilişi bolsa-da, iş ýüzünde bu Galaxy-nyň geljekki neslinde ulanyjylara nämeleriň garaşýandygyna gytaklaýyn yşaratdyr...