Beýik Britaniýa Ýewropada ilkinji bolup emeli etiň satylmagyna rugsat berdi

  • 23.07.2024 14:53
  • 6.9k+

Beýik Britaniýa Ýewropada laboratoriýa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilen emeli etiň satylmagyna rugsat beren ilkinji ýurt boldy. Häzirlikçe şeýle eti diňe haýwanlaryň iýmitinde ulanyp bolýar diýip, Financial Times gazeti habar berýär.

Meatly kompaniýasy eýýäm şu ýyldan başlap iým öndürijilere emeli ösdürilip ýetişdirilen towuk etini satyp başlar. Startapyň baş direktory Ouen Ensor önümiň Beýik Britaniýada tassyklanmagynyň ÝB-niň berk düzgünlerinden çykmaga mümkinçilik beren Brekzit arkaly mümkin bolandygyny aýtdy.
Ensoryň pikirine görä, bu waka emeli et bazarynyň ösmegine itergi bolar. Winçester uniwersitetiniň geçiren barlagynyň netijesine görä, iňlisleriň 50% -i emeli eti öý haýwanlaryna iýdirmek isleýän bolsalar, 32% -i ony özleri iýmek isleýändiklerini aýtdylar.
Iňlis düzgünleşdirijileri entek emeli etiň adam iýmitinde ulanylmagyny tassyklamadylar. Ondan öň ABŞ, Ysraýyl we Singapur şeýle ädimi ätmek kararyna gelipdi.
Soýa ýa-da nohut belogyndan öndürilýän, ösümlik esasly etden tapawutlylykda, emeli et doly bahaly haýwanyň bir bölegi bolan öýjüklerden laboratoriýada ösdürilýär.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

09.05.2026 15:30
2.6k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......