Baýden ABŞ-nyň Prezident saýlawlaryndan çekildi we Kamala Harrisi dalaşgär görkezmäge çagyrdy

  • 22.07.2024 11:42
  • 22k+

21-nji iýulda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ikinji möhlete prezidentlige dalaş etmejekdigini mälim etdi. Bu baradaky habar onuň X (öňki Twitter) sosial ulgamyndaky akkauntynda peýda boldy.

“Meniň üçin Prezidentiňiz bolup hyzmat etmek uly hormat boldy. Gaýtadan saýlanmak islegim bolsa-da, partiýamyň we ýurduň bähbitlerine men çekilmeli we diňe häzirki möhletiň ahyryna çenli Prezident ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmäge üns bermeli” – diýlip, Baýdeniň amerikan raýatlaryna gönükdirilen hatynda aýdylýar.

Baýden geljekki saýlawlarda Demokratik partiýanyň wekili hökmünde wise-prezident Kamala Harrisiň dalaşgärligini teklip etdi. Ol Harrisi öz wise-prezidenti hökmünde saýlamagyny häzire çenli kabul eden iň gowy çözgüdi hasaplaýandygyny belledi.
Demokratlardan dalaşgär partiýanyň 19-22-nji awgustda geçiriljek milli gurultaýynda resmi taýdan hödürlener.
Baýdeniň ýaryşdan çykmak karary Donald Tramp bilen şowsuz çekişmelerden tas bir aý soň kabul edildi. Şondan soň Demokratik partiýanyň birnäçe wekili, şol sanda 30-dan gowrak kongresmen Baýdeni saýlawlara gatnaşmakdan ýüz öwürmäge çagyrdylar.
Baýden öz kararyny 17-nji iýulda COVID-19 ýüze çykarylandan soň, izolýasiýada bolan wagty mälim etdi. Lukmanyň aýtmagyna görä, onuň ýagdaýy ep-esli gowulaşdy.
CNN munuň birnäçe onýyllykda ABŞ-nyň Prezidentiniň saýlawlardan ýüz öwürýän ilkinji ýagdaýydygyny belleýär. Teleýaýlym Baýdeniň kararyny 1968-nji ýylda ABŞ-nyň 36-njy Prezidenti Lindon Jonsonyň ikinji möhlete dalaş etmekden ýüz öwürmegi bilen deňeşdirýär.


şu gün 19:47
137

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......