Interýer dizaýnlaryny döretmek üçin nerw ulgamy işlenip düzüldi

  • 21.07.2024 13:07
  • 3.3k+

Presti fransuz başlangyjy öndürijileri adaty surata düşüriş çykdajylaryndan halas edip, interýeriň mebel bilen bezelen hakyky şekillerini döretmäge mümkinçilik berýän, generatiw emeli aňa esaslanýan guraly işläp taýýarlady.

Taslamanyň awtorlarynyň sözlerine görä, Presti önümleriniň wizual şekillerini döretmek üçin ummasyz pul sarp edýän mebel öndürijiler üçin amatlydyr. Üýtgedilen Stable Diffusion XL modelini ulanyp, gural mebeliň şekilini içeriniň hakyky suratyna takyk jikme-jiklikler bilen birleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Onda müşderiler diňe bir fon saýlap bilmek bilen çäklenmän, ýassyk ýaly esbaplary hem goşup, mebeliň reňkini, hatda materiallaryny hem üýtgedip bilerler. Presti geljekde daş-töweregiň gurluşyny we materiallaryny üýtgetmek ukybyny goşmagy wada berýär.
Presti-niň esaslandyryjysy we baş direktory Nabil Tumi: "Bu modeli 75 000 sany ýokary hilli mebeliň suratlaryny ulanyp taýýarladyk, bu bolsa onuň işini hut şu kategoriýa üçin optimizirlemäge mümkinçilik berdi" – diýip belledi.
Täze gural mebel öndürijilere wizual kataloglary döretmegiň has elýeterli we täsirli usulyny hödürläp, adaty fotosessiýa gidýän wagty we çykdajylary azaldýar.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......