Özbegistanda lukmançylyk galyndylaryndan ýylylyk energiýasy alnar

  • 20.07.2024 11:35
  • 5.6k+

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Lukmançylyk galyndylaryndan alternatiw ýylylyk energiýasynyň önümçiligi” maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek barada karara gol çekdi. Bu barada UzDaily.uz habar berýär.

Şu maksat bilen Sayar LLC amerikan kompaniýasy Sayar Green kärhanasyny döretdi, ol 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyndan ähli görnüşli lukmançylyk galyndylaryny ýylylyk energiýasyny öndürmek üçin gaýtadan işlär.
Lukmançylyk edaralary öz galyndylaryny Sayar Green-e tabşyrmaga borçlanýarlar, öndürilen energiýa bolsa olara tassyklanan nyrhlar boýunça berler. Şeýle-de, energiýany beýleki şahslara ibermek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.
Lukmançylyk galyndylaryny Sayar Green-e tabşyrmak boýunça borçlaryň berjaý edilmezligi sanitariýa we ekologiýa kadalarynyň bozulmagy hökmünde kabul ediler.


13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

04.06.2026 18:07
7.3k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......

02.06.2026 20:46
4.5k+

Italiýa elektrik togunyň ölçeg birliginiň adyny üýtgetmegi teklip edýär

Italiýanyň Hökümeti elektrik naprýaženiýesiniň halkara ölçeg birliginiň adyny «woltdan» «wolta» diýip üýtgetmek başlangyjy bilen çykyş etdi....

25.05.2026 16:14
5.5k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....