ABŞ-da Azatlyk heýkeliniň üstünden otly şar uçup geçdi: meteor Manhetteniň üstünde ýandy

  • 19.07.2024 23:31
  • 22k+

16-njy iýulda ABŞ-da Nýu-Ýorkuň we Nýu-Jersiniň ýaşaýjylary adaty bolmadyk bir hadysanyň şaýady boldular: gündizlikde  şäheriň üstünden meteorit uçup geçdi.

Diametri 0,3 metrden uly bolmadyk kosmos daşy Nýu-Ýork şäheriniň atmosferasyna girip, Azatlyk heýkeliniň depesinden uçup geçdi, Manhetten şäheriniň merkeziniň ýokarsynda dargap pytrady.
Meteor ýagty saçyp, ýyldyrymyň gümmürdisini ýada salýan gaty ses bilen utgaşykly uçup geçdi. Bilermenleriň baha bermegine görä, meteoryň tizligi sagatda 54 500 km-den 61 200 km aralygyndady.
Wakany wideo alan  şaýatlar wideoýazgyny NASA-nyň Meteorit gözegçilik gullugy bilen paýlaşdy. Kosmos gullugynyň habar bermegine görä, meteorlar adatça gijelerine gowy görünýär, şonuň üçin onuň bu gezekki gündizki uçuşy seýrek we ajaýyp hadysa boldy.
Meteor kiçi hem bolsa, onuň täsiri şol wagt Nýu-Ýorkuň yssy howasynda ep-esli aralyga ýaýran ses tolkunynyň döremegine sebäp boldy. Ses tolkunlary, sowuk howadaka garanyňda, maýyl howada has çalt hereket edýär, sebäbi ýokary temperaturaly howanyň molekulalarynda energiýa köp bolýar we çalt titreýär. Staten-Aýlendiň, Brukliniň, Kwinsiň we Nýu-Jersiniň demirgazygynda ýaşaýanlar titreme bilen utgaşyp gidýän gümmürdini eşitdiler.


düýn 20:17
3.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

19.06.2026 10:08
3.5k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

24.04.2026 18:54
10k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

16.04.2026 14:05
9.1k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......