Ýewroparlament fon der Lýaýeni Ýewrokomissiýanyň başlygy hökmünde ikinji möhlete tassyklady

  • 19.07.2024 15:23
  • 4.3k+

Ýewropa parlamenti Ursula fon der Lýaýeniň Ýewrokomissiýanyň başlygy wezipesine dalaşgärligini tassyklady. Bu onuň ikinji bäşýyllyk möhlete gaýtadan saýlanandygyny aňladýar. Oňa 720 deputatdan 401 deputat ses berdi, 284-üsi garşy boldy, 15-isi saklandy diýip, RBK habar berýär.

Ses berişlikden öň eden çykyşynda fon der Lýaýen Ýewropanyň geljegini gurmak we global kynçylyklara garşy durmak üçin tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigini belledi. Ol täze möhlet üçin maksatnamany hödürledi, onda ÝB-niň howpsuzlygyny berkitmek esasy wezipe hökmünde görkezildi.
Şeýle-de, ileri tutulýan ugurlaryň arasynda goranyş senagatyny güýçlendirmek, goranmak boýunça ýewrokomissar wezipesini döretmek we Ýewropa goragynyň geljegi barada ilkinji resminamany işläp taýýarlamak bar. Fon der Lýaýen ÝB-ni geljek bäş ýylda “hakyky goranyş bileleşigine” öwürmegi maksat edinýär.

“Ýewropa häzir saýlawyň öňünde dur. Geljek bäş ýylda işimizi emele getirjek we geljek 50 ýylda dünýädäki ornumyzy kesgitlejek saýlawyň öňünde dur. Saýlaw biziň wakalaryň ýa-da daş-töweregimizdäki dünýäniň täsiri astynda emele gelmegimiz ýa-da biziň birleşip, geljegimizi özbaşdak gurmagymyz bilen baglanyşyklydyr” – diýip, fon der Lýaýen aýtdy.


02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
6.9k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....