2024-nji ýylda Türkmenistanda okuwa kabul edilýän talyplaryň sany 15 926-a çenli artdyryldy

  • 19.07.2024 15:08
  • 11k+

2024-nji ýylda Türkmenistanda jemi 15 müň 926 talyby okuwa kabul etmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

"Şu ýylda jemi 15 müň 926 (şol sanda hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça — 15 müň 303, magistr maksatnamasy boýunça — 623) dalaşgäri talyplyga kabul etmek meýilleşdirilip, ol geçen ýyldakydan 303 (hünärmen we bakalawr maksatnamasy boýunça 104, magistr maksatnamasy boýunça 199) adam köpdür" diýlip, "Türkmenistan" gazetinde berlen makalada aýdylýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekili häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň iň köp isleg bildirýän hünär ugurlary barada belläp geçdi.

"Ýakyn geljege berilýän çaklamalar, şeýle hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda alnyp barylýan işler IT ugurly hünärlere islegi artdyrýan bolsa, ähli pudaklarda maliýe-ykdysady, hojalyk gatnaşyklarynyň bolmagy ykdysadyýet we dolandyryş ugrundan hünärmenlere zerurlygy emele getirýär. Şol sebäpden, diňe bir ol ýa-da beýleki däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin hünärmenler taýýarlanylýan ugurlary ýaşlar tarapyndan has isleg bildirilýän hünärler hökmünde görkezmek bolar" diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary we orta hünär bilim bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Berdinazar Haşyrow belleýär.


02.06.2026 20:35
3.6k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......