Parižde Olimpiýa obasy açyldy

  • 18.07.2024 22:09
  • 8.5k+

Parižiň demirgazygynda resmi taýdan Olimpiýa obasy açyldy. Bu barada Le Parisien habar berýär.

Ol 18-nji iýulda Oýunlaryň ilkinji gatnaşyjylaryny, hususan-da, ABŞ-dan we Täze Zelandiýadan gelýän türgenleri kabul eder. Bu oba 52 gektar meýdany eýeleýär we 14 250 adamy, şol sanda 9 müňe golaý türgeni kabul etmeli. Obanyň işine 4 müň işgär we bir ýarym müňe golaý meýletinçi jogap berer.
Olimpiýa obasynyň çäginde türgenleşik desgalary, sport zallary, saglyk öýi, antidoping merkezi bar.
Belläp geçsek, Olimpiýa alawy 14-nji iýulda Pariže geldi. Fakel Ýeliseý meýdanlaryndan, soňra Milli assambleýanyň, Parižiň Bogorodisa ybadathanasynyň we Luwryň ýanyndan geçdi.
Öň, Pariždäki Sena derýasynyň Olimpiýa ýaryşlaryny geçirmek üçin ýaramsyzdygy, suwda bakteriýalaryň derejesiniň kadalydan ýokarydygy  barada habarlar peýda boldy. Bu şübhäni aradan aýyrmak we suwuň sport ýaryşlary üçin ýeterlik derejede arassadygyny tassyklamak üçin iýulda Parižiň häkimi Ann Idalgo we Fransiýanyň sport ministri Ameli Udea-Kastera Sena derýasynda suwa düşdüler.
Pariždäki tomusky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýulda başlar.


14.05.2026 10:38
3.3k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.7k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....