Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Slowakiýa iş saparyny amala aşyrdy

  • 18.07.2024 15:00
  • 9.4k+

16-17-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti syýasy geňeşmeleri we ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin Slowakiýa Respublikasynda boldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Saparyň çäklerinde A.Gurbanowyň Slowakiýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Marek Eştok, Slowakiýanyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary Wladimir Şimonýak, Prezidentiň Diplomatik meseleler boýunça geňeşçisi  Ýan Kubiş, Slowakiýanyň Milli Geňeşiniň (Parlament) daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Marian Keri we Slowakiýanyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Peter Mihok bilen duşuşyklary geçirildi.
Syýasy-diplomatik çygyrda ýokary derejeli saparlary goşmak bilen yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.
Halkara giňişliginde iki tarap hem öz ýurtlarynyň başlangyçlaryny birek-birege goldaýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Taraplar halkara giňişliginde ýurtlaryň öňe sürýän başlangyçlaryny özara goldaýanlyklary üçin birek-birege minnetdarlyk bildirdiler we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäginde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny bellediler.
Şeýle hem Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ýurtlaryň arasyndaky, esasan hem ykdysady çygyrdaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek barada ylalaşdylar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylda Bratislawa şäherinde geçirmek barada ylalaşyldy.
Medeni-ynsanperwer ugurda iki ýurduň arasynda talyp alyş-çalyşygyny guramak, şeýle hem özara medeni çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......