Žurnalistler tekstlerini rugsatsyz ulanandygy üçin OpenAI-y kazyýete berdiler

  • 18.07.2024 12:13
  • 2.4k+

Massaçusets ştatynyň žurnalistleri Nikolas Geýj bilen Nikolas Basbeýns OpenAI-y we Microsoft-y awtorlyk hukugyny bozmakda aýypladylar. Arzada kompaniýalaryň rugsatsyz we öwezini dolmazdan ChatGPT-ni taýýarlamakda žurnalistleriň işini yzygiderli ulanýandyklary aýdylýar diýip, Associated Press habar berýär.

Geýj we Basbeýns awtorlyk hukugy bilen goralan eserleriniň, özleriniň razylygy bolmazdan, ulanylandygyny öňe sürýärler. Olar Jon Grişem, Jodi Pikolt we Jorj R.R. Martin ýaly beýleki meşhur ýazyjylar tarapyndan köpçülikleýin ýazylan arza  goşuldylar.
Žurnalistler OpenAI-yň nerw ulgamyna öwretmek üçin öz tekstlerini ulanýandygyna, şeýlelikde, olaryň pikirine görä, munuň hünärlerine howp salýandygyna alada bildirdiler. Geýj kompaniýanyň hereketlerini "talaňçylyk" diýip atlandyrdy we Basbeýns "öz tekstleriniň üstünde gaty köp işländiklerini, şonuň üçin olaryň rugsatsyz ulanylmagyna garşydyklaryny" nygtady.
Kazyýet işine 2025-nji ýylda seretmek meýilleşdirilýär. Käbir awtorlar kazyýete ýüz tutýan bolsalar, beýlekileri kompaniýalar bilen aýlyk haklary barada gepleşik geçirmäge synanyşýarlar.
MediaNews Group-yň (Daily News, The Mercury News, Daily Tribune, The Reporter we beýleki gazetler) ýerine ýetiriji redaktory Frenk Paýn AI-niň ösýändigine garamazdan, žurnalistika hiç zadyň howp salmaýandygyny, neýrosetiň janly söhbetdeşlikleriň we žurnalistik derňewleriň ornuny tutup bilmejekdigini aýtdy.


11.06.2026 23:59
6.6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......