“Ýigrenji men” multfilmi 5 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji animasiýa franşizasy boldy

  • 18.07.2024 11:51
  • 5.7k+

“Ýigrenji men” (“Гадкий я”) multfilmi taryhda rekord - 5 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan animasiýa franşizasyna öwrüldi diýip, Variety habar berýär.

Illumination we Universal studiýalary amerikan kassa ýygymynda öňdebaryjylygyny dowam etdirýän, içerki bazarda eýýäm 226 million dollar we dünýäde 437 million dollar toplan täze “Ýigrenji men-4” animasion filminiň üstünligi arkaly bu taryhy sepgide ýetip bildi.
Indi franşizany döredijiler "Minýonlaryň" üçünji bölümini çykarmagy meýilleşdirýärler, görkezilişi 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär, bu franşizanyň üstünligini hasam berkider.
Geçen hepde kassa ýygymynda Osgud Perkinsiň we Neon studiýasynyň Nikolas Keýjiň oýnamagynda “Ruhlary çöpleýji” gorkunç filmi garaşylmadyk netijäni görkezdi. Film ilkinji hepdäniň ahyrynda bary-ýogy 20 million dollar býujet bilen 22 million dollardan gowrak girdeji gazandy.
Çenning Tatum bilen Skarlett Ýohanssonyň oýnamagynda “Maňa Aýy görkez” (“Покажи мне Луну”) komediýasy lapykeç netijelere eýe boldy. Ilkinji gün ol, hatda million dollar hem gazanyp bilmedi, ýöne dynç günleri ilkinji gezek 10 million dollar gazandy. Az-küş bolmadyk 100 million býujetiň öwezini dolmak mümkinçiligi entek uzakda görünýär.


şu gün 12:00
487

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 10:12
706

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak bäsleşigi geçdi

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi. Ýeňiji bolan gyz «Jackson 5» toparynyň «I'll Be There» aýdymyny ýerine ýetirdi....

27.06.2026 11:31
2.2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......