Günde şu tomusda iň güýçli - X1.9 klasly partlama hasaba alyndy

  • 17.07.2024 16:23
  • 8k+

16-njy iýulda Aşgabat wagty bilen 18:26-da Günde güýçli partlama bolup geçdi, oňa X1.9 derejesi berildi. Bu barada Amaly geofizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär. Partlama tomus başlany bäri iň güýçlüsi hasaplanýar.

Partlama SW-radio aragatnaşygynyň bozulmagyna getiren Gün plazmasynyň zyňyndylary bilen utgaşdy. Günüň rentgen şöhleleriniň Ýeriň ionosferasyna täsir derejesi bäş bal şkala boýunça R3 (güýçli) derejä çenli ýokarlandy.
Ýatlap geçsek, Gün partlamalary rentgen şöhleleriniň güýjüne baglylykda klaslara bölünýär. X klasly partlama has güýçli hasaplanýar. Partlamadan şöhleler ýagtylyk tizligi bilen Ýere tarap hereket edýär we atmosferanyň ýokarky gatlaklaryny ionlaşdyrýar, bu hem radio signallaryny peseldip ýa-da doly kesip bilýär.
Bu partlama ýeterlik derejede güýçli bolsa-da, ol aşa hasap edilmeýär. Ondan soň Ýerde magnit tupanlary we demirgazyk şöhlelenmeleri bolup biler.


düýn 07:02
3.7k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...

26.02.2026 16:54
5.2k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...

18.02.2026 09:22
4.3k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

13.02.2026 07:34
6.1k+

14-nji fewralda «garaşylmadyk myhman»: Ýylyň iň uly asteroidi Ýeriň golaýyndan uçup geçer

Aşyk-magşuklaryň gününde, has dogrusy, 14-nji fewralda Ýeriň golaýyndan ýylyň iň uly asteroidi bolan 162882 (2001 FD58) geçip gider. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, onuň ölçegi 0,5 kilometrden 1 kilometre çenli diýlip çak edilýär...