Aşgabatdaky Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi dalaşgärleri okuwa çagyrýar

  • 17.07.2024 17:33
  • 11k+

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy.
  2. Dokma önümçiligi.
  3. Süýümleri egirmegiň tehnologiýasy.
  4. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
  5. Marketing.
  6. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
  7. Maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary.
  8. Dokma materiallaryň himiki tehnologiýasy we abzallary.
  9. Standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak.
  10. Dokma we ýeňil senagatyň abzallaryna tehniki taýdan hyzmat etmek we bejermek.
  11. Dizaýn (dokma senagaty pudagynda).

Аşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. 
Okuwyň möhleti 2 ýyl.
Аşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär. 
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

  • — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;  
  • — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 
  • — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); 
  • — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 
  • — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
  • — bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil
  •      haty; 
  • — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 
  • — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 
  • —okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. 

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • — pasportyny;  
  • — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. 

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. 
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň awgust aýynyň  22-23-i, 25-i we 26-sy günlerinde geçirilýär. 
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. 
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. 
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. 
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. 
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar. 
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:
Aşgabat şäheri, 2052 (Hydyr Derýaýew) köçe, 4,
tel.: 36-49-20, 36-04-16, 36-18-74, 36-21-67.


düýn 20:41
1.5k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.6k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......