Netflix “Terminator” animesiniň tizer-treýlerini hödürledi

  • 17.07.2024 20:26
  • 5k+

Netflix 29-njy awgustda premýerasy boljak “Terminator” anime-serialynyň tizer-treýlerini hödürledi.

Serial Arnold Şwarseneggeriň baş keşbi ýerine ýetirmeginde düşürilen filmlere esaslanýar. Sýužet alym-programmist we üç çaganyň kakasy Malkolm Lini Terminatordan goramak üçin gelejekden gelen gahryman barada gürrüň berýär. Malkolm Li Skaýnete bäsdeş bolup biljek emeli aňy işläp düzýär.
Malkolm Liniň roluna Andre Holland ses berdi. Şeýle-de, ses bermäge Rosario Douson, Enn Daud, Sonoýa Midzuno we Timoti Olifant gatnaşdy.
Taslamanyň şouranneri Mett Riwziň “Betmen” filminiň ikinji bölüminiň ssenariýaçysy Mattson Tomlin, režissýor – Masasi Kudo boldy.
Sekiz bölümden ybarat serial Ýaponiýanyň Production IG studiýasy tarapyndan döredildi. Bu “Terminator” franşizasynda ilkinji animasion taslamadyr. 


şu gün 00:46
241

Jonni Depp we Penelopa Krus bilen «Day Drinker» ekşn-trilleriniň premýerasy belli boldy

Lionsgate kinostudiýasy baş keşpleri Jonni Deppiň we Penelopa Krusyň ýerine ýetirmeginde ýiti sýužetli «Day Drinker» (Пьяница / Serhoş) triller filminiň premýera senesini 2027-nji ýylyň 26-njy martyna belledi.......

düýn 19:51
703

BBC Agata Kristiniň eserleri esasynda Erkýul Puaro barada täze serial çykarar

Britaniýanyň BBC teleradiokompaniýasy Agata Kristiniň eserlerine esaslanyp, aňtawçy Erkýul Puaro barada täze serial taýýarlaýar. Birinji möwsümiň ilkinji görkezilişine 2027-nji ýylyň ikinji ýarymynda......

düýn 11:12
3.3k+

«Çokundyran ata» dowam edýär

Dünýä belli Random House neşirýaty «Çokundyran ata» ("The Godfather") romanynyň älemine degişli täze kitabyň çap ediljekdigini mälim etdi. «Konni» diýlip atlandyrylan bu täze roman 2027-nji ýylyň güýzünde......

21.05.2026 11:08
1.2k+

Warhorse studiýasy «Ýüzükleriň hökümdary» boýunça ägirt uly oýun taýýarlaýar

Çehiýanyň Warhorse studiýasy «Ýüzükleriň hökümdary» älemine esaslanýan açyk dünýäli täze RPG oýnunyň, şeýle hem Kingdom Come seriýanyň nobatdaky böleginiň üstünde işlenilýändigini resmi taýdan tassyklady....