Tramp Respublikan partiýasyndan resmi taýdan ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine dalaşgär boldy

  • 16.07.2024 16:00
  • 38k+

Respublikan partiýasynyň gurultaýynda Donald Tramp resmi taýdan ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär görkezildi. Bu barada ABC habar berýär.

Ses berişlik resmi boldy, sebäbi Tramp eýýäm birnäçe aý bäri esasy dalaşgär hökmünde göz öňünde tutulýardy we partiýanyň içki saýlawlaryndan soň bäsleşikde galan ýeke-täk adamdy. Onuň dalaşgärligini delegatlaryň aglabasy goldady.
Tramp mümkin bolan wise-prezident hökmünde Ogaýo ştatyndan senator Jeý Di Wensi saýlady.

“Men köp pikirlenenimden soň (...) ABŞ-nyň wise-prezidenti wezipesine iň mynasyp adam beýik Ogaýo ştatyndan senator Jeý Di Wens diýip hasaplaýaryn” – diýip, Tramp Truth Social sosial ulgamynda aýtdy.

Tramp şenbe güni Pensilwaniýada saýlawdan öňki duşuşykda janyna howp salmak synanyşygyna garamazdan, partiýanyň dört günlük gurultaýynyň açylyşyna gatnaşdy. Ýaragly erkek adam oňa sahnadan, takmynan, 200 metr aralykdaky üçekden sekiz gezek atmaga ýetişdi we syýasatçy gulagyndan şikes aldy. Netijede, ot açan adam howpsuzlyk gulluklary tarapyndan ýok edildi.
Türkmenistan hem beýleki birnäçe döwletler ýaly bu hereketi ýazgarma bilen çykyş etdi.


düýn 18:54
3.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 15:17
3.2k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.1k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......